Soňky habarlar

Arhiw

Elektron sport boýunça geçirilen milli ýaryşyň jemi jemlendi

17:3305.04.2021
0
6506

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy «Dota2» we «Counter Strike Global Offensive» boýunça geçirilen kubok ýaryşlarynyň netijelerini jemledi.

Geçirilen ýaryşlar diňe bir türgenlere has köp gazanmaga itergi bermän, eýsem, «Counter Strike Global Offensive»-de ikinji orny eýelän «Neon Slaýers» topary ýaly täze zehinleri ýüze çykardy.

Tmesf.org web sahypasynyň habaryna görä, milli ýaryşlarda öňdebaryjylygy «Galkynyş Esports» topary eýeleýär. Bu topar 2018-nji ýyldan başlap, Milli federasiýa tarapyndan geçirilen ähli ýaryşlarda hemişe ýeňiji bolýar. Çeşmäniň belleýşi ýaly, häzirki ýeňiş toparyň täze wekilleri Meret Welmyradow we Yslam Nepesow bilen baglanyşykly.

«Galkynysh Esports» topary 7000 manat möçberindäki baýraga hem mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň