Soňky habarlar

Arhiw

«LG Electronics» kompaniýasy smartfon önümçiligini bes eder

16:2905.04.2021
0
5165

Günorta Koreýanyň «LG Electronics» kompaniýasy elektrikli awtoulaglara, akylly öýlere, robotlara we emeli intellekt böleklerine has köp üns bermek üçin smartfonlaryň önümçiligini togtatýandygyny habar berdi.

Mobil enjamlaryň önümçiliginiň şu ýylyň 31-nji iýulyna çenli doly bes edilmegine garaşylýar. Ýöne, «LG Electronics» kompaniýasynyň şol güne çenli çykaran telefon önümleriniň satuwy bazarlarda ýola goýlar. Kompaniýa bu hyzmatyny goldamaklygy we programma üpjünçiligini täzeläp durmaklygy birnäçe wagtlap dowam eder.

«The Korea Times» şu ýylyň ýanwar aýynda kompaniýanyň mobil telefon önümçiligini ýapmagy meýilleşdirýändigini habar beripdi. Neşiriň habaryna görä, bu kompaniýa 2015-nji ýyldan bäri mobil telefon önümçiliginden 4,5 milliard dollar zyýana galypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň