Grek-rim göreşi boýunça Olimpiýa oýunlarynyň halkara saýlama ýaryşyna gatnaşýan milli ýygyndymyz

10:1803.04.2021
0
13743

Grek-rim göreşi boýunça şu ýylyň aprel aýynda Almaty şäherinde (Gazagystan) geçiriljek Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň düzümi belli boldy. Bu ýaryşyň netijesi türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligine täsirini ýetirer.

Has takygy, ýaryşda finala çykyp bilen ähli türgenlere Olimpiýa ýollanmasy berler.

Bu halkara ýaryşa gatnaşýan milli ýygyndymyz «Ak bulak» şypahanasynda ýerleşdi.

Grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy:

Ady we familiýasy

Wezipesi

Doglan ýyly

1

Merdan Allaýarow

Türgen

1996

2

Azatjan Açylow

Türgen

1999

3

Muhammetberdi Mämmedow

Türgen

1993

4

Şageldi Annaýew

Türgen

1994

5

Döwletberdi Mämmedow

Baş tälimçi

1977

6

Nepes Gukulow

Tälimçi

1977

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň