Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda mehanika boýunça II Açyk olimpiada geçirildi

10:5331.03.2021
0
4020
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda mehanika boýunça II Açyk olimpiada geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (Mary ş.) tarapyndan guralan we onlaýn-formatda geçirilen mehanika boýunça II Açyk olimpiadanyň netijeleri jemlendi.

Jemi 6 birinji, 9 –ikinji we 14-üçünji ýerler berildi. Bäsleşigi guran okuw jaýynyň talyplary iki sany birinji orunlary eýeläp onuň ýeňijileri boldular. Ýeňijileriň biri – Ýazgeldi Goçmyradow hormat münberiniň iň ýokary basgançagy boýunça öz bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy.

Türkmenistanyň oba hojalyk institutynyň (Daşoguz ş) wekilleri 2 birinji orny eýelemegi başardylar. Şeýle hem liderleriň hataryna Türkmenistanyň döwlet Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary girýär.

Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-niň talyplary gatnaşdylar. Olimpiada bir tapgyrda geçirildi, ol şahsy bäsleşiklerden daşgary toparlaýyn bäsleşikleri hem öz içine aldy. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň energetika institutynyň we Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary bäsleşikde iň gowular hökmünde ykrar edildi. Öňdeligi eýelänleriň hatarynda S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat ş.) talyplary hem bar. Ýeňijiler we baýrak alanlar diplamlar bilen sylaglandy.

Türkmen talyplary – bilimleriň dürli ugurlary boýunça halkara olimpiadalarynyň işjeň gatnaşyjylary. Häzirki günlerde-de birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri Ýoşkar-Ola şäheriniň (Russiýa federasiýasynyň Mariý El respublikasy) Powolžsk döwlet tehnologiki uniwersiteti tarapyndan guralan Açyk halkara internet-olimpiadasynyň II jemleýji tapgyryna gatnaşýarlar. Olimpiada 16 ugur boýunça geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň