Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dokmasy ýöriteleşdirilen onlaýn söwda platformasy arkaly dünýä bazaryna çykarylar

16:5127.03.2021
0
10556

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi öz garamagyndaky we onuň gatnaşmagynda esaslandyrylan kärhanalaryň önümlerini içerki we daşary ýurt bazarlaryna onlaýn söwda arkaly hödürlemek boýunça mümkinçiliklerini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýüridik we fiziki şahslary onlaýn söwda platformasyny döretmek üçin hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Bu taslama gatnaşjak ýuridiki we fiziki şahslardan Türkmenistanyň dahyllysy (rezidenti), ýörite ygtyýarnamasynyň, baý täjirçilik tejribesiň bolmagy talap edilýär.

Onlaýn söwda platformasy bu taslama gatnaşýan taraplaryň resmi web saýtyny hem-de mobil goşundylary («Android» we iOS) öz içine alar. Dörediljek platforma harytlary nagt we nagt däl görnüşinde satmaga hem-de satyn almaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem bu platforma arkaly önümleri dünýäniň ähli künjegine eltip bermek göz öňünde tutulýar. Hut, şonuň üçin hem platforma üç dilde ― türkmen, rus we iňlis dillerinde işlär. Taslamanyň ähli guramaçylyk we gaýry çäreleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we beýleki kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda amala aşyrylar.

Platforma gatnaşjak taraplaryň teklipleri şu ýylyň 30-njy apreline çenli kabul ediler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-70-56; 40-70-57; 40-70-58.

Elektron poçta: tdsm-it@online.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň