Sambo boýunça 2021-nji ýyldaky dünýä çempionaty Daşkentde geçiriler

11:3627.03.2021
0
7974

Sambo boýunça 2021-nji ýyldaky dünýä çempionaty Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriler. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) Ýerine ýetiriji komitetiniň 24-nji martda Moskwa şäherinde geçirilen mejlisinde habar berildi.

Daşkentdäki dünýä çempionaty 11 ― 15-nji noýabry aralygynda geçiriler. Şeýlelikde, Özbegistan şu ýyl sambo boýunça iri ýaryşlaryň ikisini kabul eder. Iýun aýynda ýurduň paýtagtynda sportuň bu görnüşi boýunça Aziýa çempionaty hem geçiriler.

Aziýanyň Sambo bileleşiginiň ýolbaşçysy Alamjon Mullaýewiň sözlerine görä, Daşkentde geçiriljek dünýä çempionatynyň Guramaçylyk komiteti ýaryşa gatnaşyjylaryň hemmesine wiza goldawyny berer.

Ilkibaşda bu ýaryşyň Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýärdi. Ýöne 2020-nji ýylyň dekabrynda Sport Arbitraž kazyýeti Russiýa iki ýyllap Dünýä çempionatlaryny, Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmegi gadagan etdi.

Sambo boýunça dünýä çempionaty indiki ýyl Aşgabat şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň