Türkmenistanda «Ulag hyzmatlary» kärhanasy dörediler

23:5126.03.2021
0
50192

Hökümetiň 26-njy martda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milletiň Liderine “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda “Ulag hyzmatlary” ýolagçy gatnatma kärhanasyny döretmek hem-de bu ugurda hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde dowam etdirilýändigi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Halkara ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen “Ulag hyzmatlary” kärhanasyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy awtobuslaryny hem-de ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklipleriň öwrenilendigini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag menzilleriniň hyzmatyndan şertnamalaýyn esasda peýdalanmak arkaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallalary bilen ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň hem-de çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasynyň gurulýandygyny, olaryň Watanymyzyň yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara merkezi hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän döwrebap we ýokary netijeli ulag düzümlerini kemala getirmekde ägirt uly ähmiýetini belledi.

Ýokary depginde gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň halkara ölçegleriniň ähli talaplaryna doly gabat gelmegi üçin ähli tagallalary etmek zerurdyr, munuň özi Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Milletiň Lideri ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmegiň degişli düzümlerini döretmegiň zerurdygy barada aýdyp, pudak derejesinde awtomobil ulagynyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady.

Milletiň Lideri awtomobil ulagynyň tehniki binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk ölçeglerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygyny aýdyp, ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek üçin degişli şertleri üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň