Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy onlaýn-brifing geçirdi

21:1425.03.2021
0
4760

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan «Owganystanyň parahatçylyk prosesi: häzirki ýagdaýy, meseleleri we çözgütleri» atly onlaýn-brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, parahatçylyk gepleşiklerinde Owganystanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň başlygy Mohammad Masum Stanikzaý, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal, şeýle-de Türkmenistanda işleýän diplomatik gullugyň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda Owganystanda parahatçylyk prosesiniň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, halkara bileleşiginiň we sebitiň ýurtlarynyň parahatçylyk gepleşikleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça ylalaşygyň gazanylmagy ugrunda tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti dogrusynda pikir alyşyldy.

Çärä gatnaşyjylar bitarap hem-de goňşy ýurt hökmünde biziň ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik ulgamyndaky mümkinçilikleriniň ulanylmagy arkaly Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ýola goýulmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginde Türkmenistanyň işjeň we möhüm ornuny belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň