Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň garşydaşy ýoldaşlyk duşuşygynda uly hasap bilen ýeňildi

19:1225.03.2021
0
5322

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşy Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy Ýokogama şäherindäki «Nissan» stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 0:3 hasabynda ýeňildi. Duşuşykdaky pökgüleri Daidi Kamada, Miki Ýamane we Wataru Endo geçirdi.

Koreýaly futbolçylar saýlama tapgyryň «H» toparçasynda 3-nji iýunda Türkmenistanyň, 7-nji iýunda KHDR-nyň, 10-njy iýunda Şri-Lankanyň we 15-nji iýunda Liwanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Koreýa Respublikasynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek saýlama ýaryşdan öň Röwşen Muhadowyň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyzyň ýoldaşlyk duşuşyklaryny hem geçirjekdigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň