Türkmenistanyň dört welaýatynda gowaça ekişine badalga berildi

23:5024.03.2021
0
9511

24-nji martda Türkmenistanda dört welaýatda gowaça ekişi başlandy. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 31-nji martda ekişe başlarlar.

Şu ýyl gowaça ekmek üçin 620 müň gektar meýdan taýýarlanyldy. Şeýle hem şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň 7 müň 600-den gowragy, ekiş gurallarynyň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müň 500-den gowragy peýdalanylar. Etraplarda düzüminde mehanik-abatlaýjylar hem-de sazlaýjylar bolan toparlaryň 436-sy döredildi. Şolar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi.

Şu möwsüme etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si taýýarlanyldy. Şolar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Belläp geçsek, geçen ýyl eziz Diýarymyzyň hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň