Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gurluşyk kadalary tassyklanyldy

21:4324.03.2021
0
21786

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň 2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda çykaran MB-07 belgili buýrugy bilen «Kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň meýdançalarynyň we çäkleriniň haýatlaryny taslamagyň kadalary» atly TGK 2.01.10-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyldy.

Buýrukda bu resminamanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şähergurluşyk, binagärlik we gurluşyk çygrynda döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen kabul edilendigi nygtalýar.

«Kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň meýdançalarynyň we çäkleriniň haýatlaryny taslamagyň kadalary» atly TGK 2.01.10-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda dolulygyna berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň