Arhiw

Tesla awtoulaglaryny «bitcoin» kriptowalýutalaryna satmaklyk ýola goýuldy

19:1024.03.2021
0
4669

Tesla awtoulaglaryny «bitcoin» kriptowalýutalaryna satmaklyk ýola goýuldy. Elon Mask, indi Tesla awtoulaglarynynyň tölegini diňe bir dollar bilen däl-de, eýsem «bitcoin» arkaly hem töläp, satyn alyp boljakdygyny habar berdi.

Häzirki wagtda bu töleg usulynyň diňe ABŞ-ly müşderiler üçin elýeterlidigi, daşary ýurtly müşderiler üçin bolsa, ýylyň ahyryna çenli elýeterli boljakdygy bellenildi.

Elon Mask tarapyndan Tesla awtoulaglaryny «bitcoin» kriptowalýutalaryna satmaklyk yglan edilenden soň, «bitcoin» kriptowalýutalarynyň hümmeti ýokarlanyp başlady we ýene 55000 dollardan geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň