Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan şu ýylyň ikinji çärýeginde Russiýadan üstaşyr 500 müň tonna nebit eksport eder

16:5624.03.2021
0
8425

«Vesti» habarlar gepleşiginiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, şu ýylyň ikinji çärýeginde Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 500 müň tonna nebiti eksport etmegi meýilleşdirýär.

Türkmen nebitiniň Russiýadan üstaşyr eksport Gara deňizdäki Noworossiýsk porty arkaly amala aşyrylar.

Russiýadan iň köp üstaşyr nebit eksport edýän ikinji döwletdir. Bu babatda birinji orunda Gazagystan dur. Maglumat üçin agzasak, biziň ýurdumyz şu ýylyň ýanwar ― fewral aýlarynda Russiýanyň üsti bilen 320 müň 460 tonna «gara altyny» eksport etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň