Soňky habarlar

Arhiw

Son Hyn Min Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyga gatnaşyp bilmez

16:3524.03.2021
0
5799

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşy Koreýanyň ýygyndysynyň esasy hüjümçisi Son Hyn Min şikes aldy. Ol bu şikes sebäpli, Ýaponiýa bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşyp bilmez.

Has takygy, Angliýanyň Premýer-ligasynyň 28-nji tapgyrynda 14-nji martda geçirilen «Arsenal» ― «Tottenhem» duşuşygynyň 17-nji minutynda şikes alan futbolçy onuny Erik Lamela bermeli boldy.

Koreýa Respublikasynyň saýlama tapgyryň çäginde Türkmenistanyň ýygyndysy bilen duşuşygy 3-nji iýunda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň