Berdimuhamedow tejribeli atbakara «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen ady dakdy

22:4622.03.2021
0
5690

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli Permana gol çekdi.

Resminamada atşynasyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, türkmen bedewleriniň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, atçylyk pudagyny ösdürmekde hem-de at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem gazanan ýokary netijelerini we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle karara gelnendigi nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň