Soňky habarlar

Arhiw

Finlýandiýa ýene-de dünýäniň iň bagtly ýurdy diýlip yglan edildi

20:1822.03.2021
0
4735

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan neşir edilen «World Happiness Report» hasabatynyň 2021-nji ýyldaky sanawyna (reýtingine) görä, Finlýandiýa 2020-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäniň iň bagtly ýurdy diýlip yglan edildi.

«World Happiness Report» hasabatynda: « 2020-nji ýyl düýbünden başgaça ýyl boldy. Bu hasabat «COVID-19» epidemiýasynyň möwç alan döwri bolan 2020-nji ýylda dünýädäki adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi barada taýýarlanyldy. Biziň esasy maksadymyz, birinjiden, «COVID-19»-yň adamlaryň durmuşynyň hiline we gurluşyna nähili täsir edendigini öwrenmeklikden, ikinjiden bolsa, Hökümetleriň pandemiýa nähili jogap berendiklerini bahalandyrmaklykdan ybaratdyr. Ýöne, koronowirus pandemiýasy sebäpli halkara howa gatnawlaryny irgözinden kesen döwletler bu hasabata goşulmadylar.» - diýlip bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dördünji gezek Finlýandiýa iň bagtly ýurt diýlip yglan edildi. Finlýandiýadan soň. dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň arasynda Islandiýa, Daniýa, Şweýsariýa, Gollandiýa, Şwesiýa, Germaniýa, Norwegiýa, Täze Zelandiýa we Awstriýa bar. «World Happiness Report» hasabatyndaky sanawda ABŞ 14-nji ýerde, Angliýa 18-nji ýerde, Fransiýa 20-nji ýerde orun aldy. GDA ýurtlarynyň arasynda şu ýyl iň bagtly ýurt Gyrgyzystan (33-nji ýer) boldy. Ondan soň Gazagystan (36-njy ýer), Moldowa (49-njy ýer), Russiýa (60-njy ýer), Täjigistan (62-nji ýer), Ukraina (69-njy ýer) we Gruziýa (73-nji ýer) bar. «World Happiness Report» hasabatyndaky sanawa (reýtinge) görä, geçen ýyl boýunça iň bagtsyz ýurtlar Zimbabwe we Tanzaniýa boldy.

«World Happiness Report» hasabaty taýýarlanylanda, däp bolşy ýaly, dünýäniň her bir ýurdunyň 15 we ondan ýokary ýaşly 1000 töweregi raýatyna sowalnama doldurdylýar. Sowalnamalar döwlet dilinde geçirilýär. Sowalnamalara esaslanýan global görkezijiler, ýurduň jemi içerki önümine, ömrüň dowamlylygyna, durmuş goraglylygyna, azatlygyna we beýleki görkezijilere esaslanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň