Soňky habarlar

Arhiw

Nemes lukmanlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar

23:5017.03.2021
0
9896

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn teleköpri arkaly Germaniýanyň “Senior Experten Service” guramasynyň (“Tejribeli hünärmenler gullugynyň”) ginekologiýa boýunça hünärmeni — doktor Amin Mortazawiniň hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň akuşer-ginekolog lukmanlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Germaniýanyň bu guramasy bilen ençeme ýyllaryň dowamyndaky netijeli gatnaşygy lukmançylyk ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şu günler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tejribe alyşmak maksady bilen, interwension radiologiýa ulgamynda esasy hünärmen lukman doktor Fridrih Zeýdel bilen hem maslahat geçirildi.

Interwension radiologiýa lukmançylyk radiologiýasynyň ýöriteleşdirilen bölümi bolup, wizuallaşdyrmak usullarynyň peýdalanylmagy bilen keselleri bejermäge gönükdirilendir. Ol hirurgiýa goşmaça bolup, käbir patologiýada öň mümkin bolmadyk täze çözgütleri hödürleýär.

Duşuşykda gan damarlarynyň ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen geçirilýän häzirki zaman angiografiýa barlagynyň esaslary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýakynda onlaýn teleköpri görnüşinde “Tejribeli hünärmenler gullugynyň” doktory Gerlinde Partekeniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Şonda anesteziologiýanyň we reanimatologiýanyň meseleleri, häzirki zaman hirurgiýa bejergilerinde ulanylýan agyrysyzlandyrma usullarynyň kämil görnüşleri hem-de gaýragoýulmasyz çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýakynda wideoaragatnaşyk görnüşinde doktor Gerlinde Zälser bilen duşuşyk geçirilip, oňa ýurdumyzyň esasy pediatrlary we çaga newropatolog lukmanlary gatnaşdylar. Hünärmenler tarapyndan keseli anyklamagyň hem-de lukmançylyk kömegini bermegiň Ýewropa ölçeglerine kybap gelýän täze derejä çykarylandygy bellenildi.

18-nji martda fizioterapiýa boýunça hünärmen doktor Suzanna Krellner bilen telemaslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onda ýylylyk, sowuklyk, elektrik togy, magnit şöhlelenmesi ýaly fiziki ýagdaýlaryň kömegi, şeýle hem palçyk, owkalama, suw terapiýasy arkaly dürli keselleri bejermek baradaky meselelere garalar.

Türkmen lukmanlarynyň ýokary derejedäki nazary we amaly taýýarlygy, şeýle hem nemes hünärmenleriniň baý tejribesi hem-de biziň lukmançylyk merkezlerimiziň, şol sanda Germaniýanyň saglygy goraýyş tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan merkezleriň öňdebaryjy tehniki binýady ýüz tutan hassalary bejermekde iň oňat netijeleri gazanmaga kömek edýär.

Bularyň ählisi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda amala aşyrylýan hem-de Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň toplumynyň möhüm düzümine girýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz we jemgyýetimiz üçin örän wajyp bolan bu ulgamda işjeň halkara hyzmatdaşlygyň zerurlygy saglygy goraýyş ylmynyň we tejribesiniň mazmuny, depginli ylmy-tehniki ösüşi bilen şertlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň