Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen wideoduşuşyk geçirildi

23:4517.03.2021
0
4470

Şu gün Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoduşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki hereketleriň üç ölçeg esasynda durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň netijeli pikir alyşmalar boldy.

Hususan-da, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň başlangyjy boýunça bitewi strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna türkmen tarapynyň gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Taraplar ýurtlaryň arasynda gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň netijeli serişdelerini we gurallaryny peýdalanmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan täze syýasy-diplomatik gurallaryň ornaşdyrylmagyna garamagy teklip etdi.

Şeýle hem terrorçylygyň we transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça sebit maslahatyny çagyrmak hakynda Türkmenistanyň teklibi beýan edildi. Milli derejede kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda owgan meselelerine hem garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan tarapyndan iri energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalaryna bu dostlukly goňşy ýurduň hemmetaraplaýyn dikeldilmeginiň hereketlendiriji güýji hökmünde garalýar.

Duşuşykda energetika howpsuzlygy we durnukly ulag meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, dünýäde energiýa serişdelerini iri öndürijileriň we üpjün edijileriň biri bolan Türkmenistan olaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy boýunça amatly gurallaryň döredilmegi ugrunda işjeň hereketleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz eýýäm ÝHHG-niň ýöriteleşdirilen düzümini — Durnukly energetika boýunça Geňeşi döretmegi teklip edipdi.

Duşuşygyň dowamynda ulag we ekologiýa howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garaldy. Şunda ÝHHG-niň «Hazar deňzi sebitinde “ýaşyl” portlaryň we özara baglanyşyklylygyň ösdürilmegine ýardam bermek» taslamasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda “ýaşyl” portlary ösdürmek, sanlylaşdyrmak, söwda hem-de ulag gatnawlarynyň amallarynyň ýeňilleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.

ÝHHG-niň toplumlaýyn ekologiýa maksatnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça bilermenleriň duşuşyklarynyň dowam edýändigi bellenildi.

Taraplar adam hukuklaryny, gender deňligini goramak we ilerletmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň üsti bilen ýurduň ÝHHG bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şeýle hem ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary bilen gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanda häzirki zaman sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ornaşdyrmak babatda bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň ösdürilmeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň möhüm orny aýratyn nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň