Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-de maslahat geçirildi

23:4117.03.2021
0
5621

Günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen maslahatda esasy döwlet maksatnamalary, ilkinji nobatda, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň işewürler birleşmesiniň ýeten sepgitleridir maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Maslahatyň çäklerinde TSTB-niň dürli ugurlar boýunça işi hakyndaky çykyşlar diňlenildi, hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek — şol sanda iri döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirmek hem-de maýa goýum taslamalary, beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy.

Ýygnananlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berilýän goldawyň, döwletiň hususy telekeçiligi ösdürmek üçin döredýän amatly şertleriniň türkmen telekeçilerine geljege ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny nygtadylar.

Ertir sergi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde TSTB-niň dürli ugurlar boýunça “Ýylyň iň gowy telekeçisi” atly bäsleşiginiň jemleri jemleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň