Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Tiz kömek» gullugynyň belgisini üýtgetmegi teklip etdi

22:5716.03.2021
0
15736

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we derejesini artdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Şunda “Tiz kömek” hyzmatlary häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir, bu hyzmatlara gelip gowuşýan sargytlar we olaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly wezipeler sanly ulgam arkaly dolandyrylmalydyr. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Tiz kömek” gullugynyň 03 belgisine jaň edilende, näsagyň ýerleşýän ýerini takyklap bolmaýandygyny aýdyp, bu babatda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan 112 ýa-da 911 belgini synag edip görmek barada aýtdy.

Hususan-da, 112 belgä jaň edilende, degişli gulluk kömege mätäç adamyň ýerleşýän ýerini kesgitläp biler, lukmançylyk edarasy bolsa ony hassahana ýerleşdirende, näsagyň lukmançylyk kitapçasyny alyp bilýär. Munuň özi lukmançylyk hyzmatynyň şu görnüşiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda, gelip gowuşýan sargytlaryň ähmiýetini we onuň derejesini kesgitlemekde has-da möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli kämilleşdirmekde döwrebap sanly hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmekde hem-de şäher düzümini, ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryny, köçeleriň yşyklandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmakda degişli ygtybarly maglumat binýadyny döretmek hem-de tehniki enjamlaryň işleýşine talabalaýyk gözegçiligi ýola goýmak zerurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň