Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hususy eýeçilikdäki kärhanalarda işleýän zenanlar erkeklerden 7,3 göterim köp

12:1516.03.2021
2
4994
Türkmenistanda hususy eýeçilikdäki kärhanalarda işleýän zenanlar erkeklerden 7,3 göterim köp

Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjün böleginiň 50,3%-i ykdysadyýetiň hususy pudagynda, döwlet-hususy görnüşli garyşyk eýeçilikli kärhanalarynda bolsa 22%-i zähmet çekýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Döwlet eýeçiliginde ilatyň iş bilen üpjün böleginiň 25,3% zähmet çekýär, bu bolsa beýleki GDA ýurtlaryna garanyňda azdygy hem-de Türkmenistanda telekeçiligiň ösüşiniň çaltlandyrylýandygy, işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigi hakynda aýdýar.

Döwlet eýeçiliginiň möçberini azaltmak meselesi hökümetiň umumy strategiýasyna girýär. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet emlägini hususy eýeçilige geçirmek boýunça yzygiderli satuwlary geçirip durýar. Bu ozal girdeji getirmeýän kärhanalara täze mümkinçilik berýär hem-de milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Şunda, hususy telekeçilik pudagynda işleýän zenanlar jemi sanyň 54,3% tutup, hususy pudagyndaky erkek adamlardan 7,3% ýokary bolup durýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda Türkmenistanyň Hökümetine 2021 ― 2025 ýyllar üçin eksporty ösdürmek we daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny işläp taýýarlanmagyny çaltlandyrmak boýunça tabşyryklary berdi. Bu maksatnamada işewürlige aýratyn üns berilýär. Bu bolsa telekeçiligiň ösüşine, hususy pudakda iş orunlarynyň artdyrylmagyna ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meylis_shyh93 ( 16.03.2021 )

Hachan turkmenche chykarka turkmen portal

2
motarjam ( 19.03.2021 )

Ýokarda Türkmenistanyň baýdagyna bassaňyz türkmen dilinde okap bilersiňiz

0