Türkmenabatdaky kärhanada 8 müň tonna golaý un öndürildi

10:5816.03.2021
0
929

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar ― fewral aýlarynda ýokary we birinji sortly unuň 7 müň 801 tonnasy taýýarlanylypdyr. Munuň özi meýilnamada görkezileninden 1 tonna kändir.

Dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan kuwwatly kärhanada ýokary hilli unuň önümçiligini bökdençsiz ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwrebap enjamlar işleriň agramly bölegini awtomatlaşdyrylan ulgam bilen alyp barmaga mümkinçilik berýär. Eýýäm sekiz ýyldan bäri işläp gelýän kärhana 250-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün edýär.

Un bu kuwwatly kärhananyň ýeke-täk önümi däl. Bu ýerde mannyý ýarmasy, kepek, tüwi ýaly zerur önümler hem yzygiderli öndürilýär. Kärhanada ýylyň iki aýynda öndürilen mannyý ýarmasynyň 20, kepegiň 2 müň 351, tüwiniň bolsa 576 tonnasy ilata ýetirildi.

Taýýar önümleriň ählisiniň welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň ýerlerdäki jemgyýetleri tarapyndan elýeterli bahalardan ilata hödürlenilýändigini hem aýtmak gerek. Ýyllyk kuwwaty 95 müň 700 tonna önümi öndürmäge barabar bolan kärhanada her ýyl bu sepgide golaýlaşylýar. Şeýlelikde bu kuwwatly kärhana ilatymyza onlarça müň tonna ýokary hilli un we beýleki önümleri hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň