Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatdaky pamyk kärhanasy önümleriniň 72 göterimini eksporta goýberýär

10:5416.03.2021
0
793

Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasynda şu ýylyň iki aýynda göz öňünde tutulan 526,4 tonna ýüplüge derek 529 tonnadan hem gowrak ýüplük öndürildi. Şunda ýanwar aýyndaky önümçilik 272, fewraldaky önümçilik bolsa 257 tonnadan hem geçýär. Şeýlelikde göz öňünde tutulan meýilnama 100,5 göterim berjaý edilipdir. Geçen ýylyň ilkinji iki aýy bilen deňeşdirilende bolsa, 105 göterim ösüş gazanylypdyr. Çünki bu ýerde geçen ýylyň ýanwar ― fewral aýlarynda 504,1 tonna önüm öndürilen eken. Bu bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Pul hasabyndaky görkezijiler bolsa has ýokary. Iki aýda 3 million 685 müň manada golaý girdejä garaşylan bolsa, alnan girdeji 6 million 10 müň manada golaýlapdyr. Şeýlelikde pul hasabynda meýilnama 163 göterimden hem gowrak berjaý edilipdir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 125 göterime ýakyn ösüş gazanylypdyr.

Mundan 7 ýyl ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň ak pata bermegi bilen açylan kärhanada ýylyň iki aýynda öndürilen 529 tonnadan gowrak önümiň 383,4 tonnasy (72 göterimi) eksporta ugradyldy. Türkiýe, Polşa, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletler Türkmenabatda taýýarlanylan nah ýüplükleri esasy import edijilerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň