Arhiw

Şu ýyl Ahal welaýatynyň kitaphanalaryna täze neşirleriň 678-si gelip gowuşdy

10:2216.03.2021
0
799

Şu ýyl «Galkynyş» kitap merkezinden täze neşirleriň 678-siniň gelip gowuşmagy bilen, Ahal welaýatyndaky merkezi kitaphanalaryň gaznasy has-da baýlaşdy. Mundan başga-da, okyjylaryň gatnaşmagynda baý many-mazmunly çäreleriň onlarçasy geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Welaýatyň kitaphanalarynda okyjylara edilýän döwrebap hyzmatlaryň gerimi giňeýär we derejesi barha ýokarlanýar. Munuň şeýledigini welaýat, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynda we şahamçalarynda şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň görkezijileri hem-de okyjy gatnaşygy aýdyň görkezýär.

Has takygy, ýylyň başyndan bäri okyjylara neşirleriň 71 müňden gowragy okamaga berildi, täze goşulan okyjylaryň sany 1 müň 750-ä barabar boldy.

Welaýat boýunça okyjylaryň umumy sany 78 müň 183 adamdyr. Degişli döwürde elektron kitaplardan peýdalanýanlaryň sany hem artdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň