Saud Arabystanynyň "Somo Al Mamlakah" kompaniýasy TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlyga taýýar

22:1915.03.2021
0
6618

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Somo Al Mamlakah» Saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň nebitgaz, himiýa senagaty we maýa goýum ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler.

Şunlukda, öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, şeýle-de energetika ulgamyndaky beýleki geljegi uly taslamalaryň oňyn amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň