Aşgabatda nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek bilen bagly halkara maslahat geçiriler

20:4415.03.2021
0
11458

12 ― 13-nji maý günlerinde Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli nebit we gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahat geçiriler.

Maslahaty Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilelikde guraýar.

Bu çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibine ýangyç we energiýa toplumynyň ösüşindäki global tendensiýalary, Türkmenistanyň energiýa diplomatiýasyny, TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmek, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gaz himiýa taslamalarynyň geljegini ýaly meseleler giriziler.

Maslahatyň çäginde tejribe alyşmak we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda durmuşa geçirilýän taslamalary öňe sürmek barada gatnaşyjylara maglumat bermek üçin prezentasiýalar we panel sessiýalar geçiriler.

Adaty görnüşden başga-da, «Zoom» platformasy arkaly maslahatyň onlaýn ýaýlymy guralar.

Maslahat barada jikme-jik maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň