Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Amerikan merkezi wirtual bilim sergisine çagyrýar

16:1415.03.2021
0
17219

Aşgabatdaky Amerikan merkezi, 20-nji martda ABŞ-nyň 40-dan gowrak akkreditlenen bilim ojaklarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam berjek «EducationUSA Community Colleges» atly wirtual bilim sergisine çagyrýar.

Sergide giriş synaglarynyň talaplary, giriş düzgünleri we talyp haklary barada giňişleýin maglumat berler. Käbir sapaklara onlaýn gatnaşyp, gyzyklanýan ýokary okuw mekdebiňiziň wekilleri bilen göni aragatnaşyga çykmaga hem mümkinçilik bolar.

Wirtual bilim sergisi şol gün sagat 15-den 21-e çenli geçiriler.

Sergä gatnaşmak üçin şu salgyda hasaba alynmaly

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň