Soňky habarlar

Arhiw

Pekin howa menzilinde tozanly tupan sebäpli 428 sany howa gatnawy ýatyryldy

16:0815.03.2021
0
5009

Pekiniň howa menzili tozanly tupan sebäpli 428 sany howa gatnawyny ýatyrmaga mejbur boldy.

Maglumata görä, düýn — 15-nji martda Pekin howa menzilinden 1141 sany howa gatnawy amala aşyrylmalydy. Olardan 247 sany howa gatnawy ýatyryldy. Şeýle hem, Dasin halkara howa menziline meýilleşdirilen 846 sany howa gatnawynyň 181 sanysy ýatyryldy.

Tozanly tupan şäheriň içindäki ulag hereketinde hem kynçylyk döretdi. Pekiniň ýollarynda dyknyşyk emele geldi. Pekinde düýn 1000 metrden gowrak çägi görmeklik, asla mümkin bolmandyr. Şonuň üçin-de, Hytaý Hökümetiniň agzalary Pekini töwekgelçilik derejesi boýunça «sary zona» diýip yglan etdiler. Hökümet tarapyndan raýatlara açyk howada çäreleri geçirmezlik, düýbünden zerur bolmasa öýlerinden daşary çykmazlyk maslahat berildi.

Meteorologlar bu tupanyň Hytaýyň beýleki demirgazyk sebitlerine-de ýaýrajakdygyny aýdýarlar.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň