«Hrustal liliýa» ýaryşyna gatnaşýan «Nagyşly güzer» atelýesi öz harytlaryna 10 göterim arzanlaşyk yglan edýär

13:3615.03.2021
0
9006

19-njy martda Aşgabatdaky «Çarwadar» söwda merkezinde sagat 10:00-da toý köýneklerini tikmek boýunça tikinçilik atelýeleriniň arasynda «Hrustal liliýa» ýaryşy geçiriler. Ýaryşa ýakynda türkmen diýaznerleriniň we tikinçileriniň arasynda geçirilen «Altyn iňňe» bäsleşiginde toý köýneklerini tikmekde birinji orny eýelän «Nagyşly güzer» atelýesi hem gatnaşýar.

«Nagyşly güzer» tikinçilik atelýesinde elde ýerine ýetirilýän keşde, monjuk we gaş düzülen ýakalar taýýarlanylýar. Olarda halkymyzyň milliliginiň döwrebap nusgalary bilen sazlaşmagy bu harytlara bolan islegi artdyrýar. Tikinçilik atelýesinde tikilýän toý dabarasy üçin niýetlenilen lybaslar, döwrebap biçüwli köýnekler hem-de iş eşikleri aýratyn gözelligi we rahatlygy bilen tapawutlanýar.

«Nagyşly güzer» atelýesiniň dürli taýýar köýnekleri, iş eşikleri we elde ýerinde ýetirilýän keşde, monjuk we gaş düzülen ýakalary paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 0 gatynyň A12 söwda dükanynda alyjylara hödürlenilýär. Alyjylar bu ýerde taýýar köýneklerden we ýakalardan başga-da dürli görnüşli matalary satyn alyp bilerler. Şu gün bu söwda dükanynyň harytlaryna 5 ― 10% arzanlaşyk yglan edildi. Arzanlaşyk mart aýynyň 25-ne çenli dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň