TSTB-niň agzalary geçen ýyl 66 desganyň gurluşyk-gurnama, abatlaýyş-bejeriş işlerini alyp bardylar

11:0815.03.2021
0
1900

2020-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we onuň ag­za­la­ry­nyň, şeý­le hem mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­rynyň we hä­kim­lik­le­riň bu­ýur­ma­la­ry esa­syn­da me­de­ni-dur­muş, se­na­gat we oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ne de­giş­li bo­lan des­ga­la­ryň 66 sa­ny­syn­da gur­lu­şyk-gur­na­ma we abat­la­ýyş-be­je­riş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­dy. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 26-sy, şol san­da Aş­ga­bat şä­he­rinde 12 gat­ly, 72 öý­li jaý­la­ryň 10-sy we 12 gat­ly, 48 öý­li jaý­la­ryň 4-si, Ahal we­la­ýa­tyn­da 4 gat­ly, 48 öý­li jaý­la­ryň 2-si, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 4 gat­ly, 12, 16, 24 we 32 öý­li jaý­la­ryň 7-si, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 32 öý­li jaý­la­ryň 2-si we 24 öý­li jaý gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

Mun­dan baş­ga-da, or­ta we hü­när­ment mek­dep­le­riň 4-si­niň, şol san­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de 600 orun­lyk or­ta mek­de­biň 2-si­niň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da or­ta hü­när mek­de­bi­niň we umu­my­bi­lim ber­ýän mek­de­biň, Aş­ga­bat şä­he­rin­de 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­nyň gur­lu­şy­gy do­ly ta­mam­lan­dy. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­byn­da ça­ga­lar dynç alyş mer­ke­zi gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. 2020-nji ýyl­da gur­lu­şyk­çy te­le­ke­çi­le­riň bi­na eden sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly des­ga­la­ry­nyň 3-si, şol sanda Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Ba­ga­bat oba­syn­da­ky şy­pa­ha­na we Gök­de­pe et­ra­by­nyň Yz­gant oba­syn­da­ky Ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň gat­naş­ma­gyn­da açy­lyp, ula­ny­şa gi­rizil­di. Şeý­le-de Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­ra­byn­da Sag­lyk mer­ke­zi gur­lup, hal­kyň hyz­ma­ty­na be­ril­di.

Geçen ýyl­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan karan­tin no­kat­la­ry­nyň 5-si, şol san­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­kyGa­ra­bo­gaz gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş wagt­la­ýyn ka­ran­tin no­ka­dy, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Fa­rap et­ra­byn­da­ky gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş wagt­la­ýyn ka­ran­tin no­kat­la­ry­nyň 2-si, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki hem-de Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ser­he­ta­bat et­ra­byn­daky gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş wagt­la­ýyn ka­ran­tin nokatlary gu­rul­dy.

Oba hojalyk desgalary

Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy-da giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar. Te­le­ke­çi­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan 2020-nji ýyl­da oba ho­ja­lyk ugur­ly önüm­çi­lik des­ga­lary­nyň 6-sy, şol san­da Gök­de­pe et­ra­byn­da­ky guş­çu­lyk top­lu­my we Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky we­te­ri­na­ri­ýa be­je­riş­ha­na­sy we öý haý­wan­la­ry sak­la­nyl­ýan top­lum, Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki gök we bak­ja önüm­le­ri­ni ýe­tişdir­ýän ýy­la­dyş­ha­na, Gö­rog­ly et­ra­byn­da­ky mal­dar­çy­lyk top­lu­my we Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky to­mat go­ýutma­sy­ny ön­dür­ýän kär­ha­na, Ma­ry et­ra­byn­da­ky gök we bak­ja önüm­le­ri­ni ýe­tiş­dir­ýän ýy­la­dyş­ha­na gur­lup, ulanyl­ma­ga be­ril­di.

Senagat ugurly desgalar

Te­le­ke­çi­ler se­na­gat ugur­ly önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny hem giň ge­rim­de alyp bar­ýar­lar. 2020-nji ýyl­da şeý­le mak­sat­ly des­ga­la­ryň 5-si­niň, şol san­daAş­gabat şä­he­rin­de de­mir­den dür­li be­zeg önüm­le­ri­ni ön­dürýän kär­ha­na­nyň, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da de­mir­be­ton önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň 2-si­niň, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da Gu­ry gurlu­şyk ga­ryn­dy ma­te­ri­al­la­ry­nywe gip­so­kar­ton ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ha­laç et­ra­byn­da ke­rami­ki ker­piç ön­dür­ýän kär­ha­na­nyňula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

TSTB-niň agzalarynyň yh­las­ly zäh­me­ti bi­len 2020-nji ýyl­da köp­rü­le­riň, aw­tomo­bil ýol­la­ry­nyň we ýe­ras­ty ge­çel­ge­le­riň 2-si, şol san­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň S.Türk­men­ba­şy şa­ýo­ly bi­len A.Ny­ýazow şa­ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da­ky ýe­ras­ty aw­to­mo­bil ýo­ly we py­ýa­da ge­çel­ge­si hem-de Mag­tym­gu­ly şa­ýo­lu­nyň ug­run­da Tas­la­ma we Täh­ran kö­çe­le­ri­niň ara­ly­gyn­daky in­že­ner ul­gam­la­ry bi­len bi­le­lik­de umu­my uzyn­ly­gy 5564 metr bo­lan aw­to­mo­bil ýol­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, Aş­ga­bat şä­he­rin­de Aw­tou­lag kär­ha­na­lar top­lu­my we aw­to­mo­bil mek­dep­le­ri­niň birle­şi­gi­niň okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zi­niň bi­na­la­ry hal­kyň hyz­ma­ty­na be­ril­di. Ge­çen ýyl­da hu­su­sy­ýet­çi­ler Aş­ga­bat şä­he­rin­de «Welo­si­ped», «Ala­baý», Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­rabyn­da «Sag­lyk» bi­na­la­ry­ny gur­du­lar.

Beýleki binalar

Ýur­du­myz­da döw­re­bap söw­da, sport we me­de­ni-durmuş mak­sat­ly des­ga­la­ryň yzy­gi­der­li gu­rul­ma­gy­na-da aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Geçen ýyl ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk­çy te­le­ke­çi­le­ri Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň eda­ra bi­na­sy­ny, Spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň bi­na­sy­ny, Köpugur­ly sport bi­na­sy­ny, 450 orun­lyk umu­my ýa­şa­ýyş ja­ýyny hem-de «Ja­han» dö­re­di­ji­lik mer­ke­zi­ni, Aş­ga­bat şä­he­rin­de söw­da-dynç alyş mer­kez­le­ri­niň 2-si­ni, söw­da we eda­ra bi­na­sy­ny ulan­ma­ga ber­di­ler. Mun­dan baş­ga-da, met­jit­le­riň 2-si, şol san­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de we Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­mena­bat şä­he­rin­de 3000 orun­lyk met­jitler açyl­dy.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ hu­su­sy ul­ga­myň kär­ha­nala­ry­na iň iri we örän jo­gap­kär­li yk­dy­sa­dy äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gy ynan­ýar. «Aş­ga­bat—Türkme­na­bat» ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­ly, Ahalwe­la­ýa­tynyň döw­re­bap tä­ze do­lan­dy­ryş mer­ke­zi hä­zir­ki wagtda di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, dün­ýä­de ama­la aşy­ryl­ýan iri tas­la­ma­lar­dyr. Gel­jek­de örän ýo­ka­ry yk­dy­sa­dy bäh­bi­di bol­jak «Aşga­bat — Türk­me­na­bat» ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­ly hä­zir­ki dö­wür­de Ahal, Ma­ry we Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­ýar. Hal­ka­ra ýo­luň gur­lu­şy­gy se­bit­de iri tä­ze inf­rast­ruk­tu­ra­la­ryň we müň­ler­çe iş orun­la­ry­nyň dö­redil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu aw­to­ban döwrüň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­ler, hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­li­gi ýo­kar­lan­dy­rar, ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na giň şert­le­ri dö­re­der. Gel­jek­de onuň Aş­gabat — Türk­men­ba­şy aw­to­ba­ny, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty bi­len bir­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­menis­tan­da ha­ryt­la­ryň we ýük­le­riň da­şal­ma­gy­ny has-da ýe­ňil­leş­dir­ýän tä­ze hal­ka­ra ýol dü­zü­mi peý­da bo­lar.

Ahal welaýatynda...

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ni gur­mak ha­kyn­da» 2019-njy ýy­lyň 4-nji mar­tyn­da çy­ka­ran Ka­ra­ry esasyn­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gurlu­şy­gy­ny tap­gyr­la­ýyn ama­la aşyr­mak bel­le­nil­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de je­mi bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň 329-sy­ny gu­rup, ulanma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Şo­la­ryň 258-si 5, 7, 9 we 2 gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry hem-de 69-sy dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­dyr. Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Täh­ran kö­çe­si­niň ug­run­da umu­my tut­ýan meý­da­ny 8 gek­tar bo­lan, paý­ly gur­lu­şyk esa­syn­da ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän Söw­da we dynç alyş, işe­wür­lik mer­kez­in­den hem-de döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýyn­dan yba­rat bo­lan bi­na­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­by­nyň Gurt­ly ýaşa­ýyş top­lu­myn­da umu­my meý­da­ny 91,06 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan ýer bö­le­gin­de 62 sa­ny 4 gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, söw­da we me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň we ba­za­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň