Arhiw

Türkmenabatda şäheriň ýaşyl gözelligini artdyrmak işlerine badalga berildi

09:3615.03.2021
0
8941

Baharyň gelmegi bilen, Türkmenabat şäherinde dürli bezeg güllerini ekmäge badalga berildi. Bu işleri şäher häkimliginiň jemagat hojalygy bölüminiň işgärleri alyp barýarlar ― diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu baharda şäheriň çäklerinde 11,2 müň düýp bägül, birýyllyk gülleriň 230 müň düýbi we 34 müň düýpden gowrak bezeg agaçlary oturdylar. Olary oturtmak üçin welaýat merkeziniň dürli ýerleri saýlanyp alyndy. Eda-kärahanalaryň çäkleri, iri ýollaryň bölüji aralyklary, şäher seýilgähleri we dynç alyş meýdançalary bahar gülleriniň we bezeg agaçlarynyň esasy oturdyljak ýerleri bolar.

Bu işe şäheriň ýaşaýjylarynyň hem ýakyndan gatnaşýandygyny nygtamak gerek. Olar ýaşaýan we işleýän ýerleriniň töwereklerini yzygiderli abadanlaşdyrýarlar.

Türkmenabat şäheri şu ýyl iri çäreleriň birnäçesini, şol sanda Medeniýet hepdeligini hem kabul etmäge taýýarlyk görýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň