Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze açyljak dokma toplumlarynyň hünärmenleri üçin gysga möhletli okuwlar guralar

23:5812.03.2021
0
3367

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan iri dokma toplumlaryny hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanalar işe girizilenden soň, döwrebap tehnologik enjamlary netijeli ulanmak hem-de doly kuwwatynda işledip, ýokary hilli önüm çykarmak maksady bilen, häzirki wagtda olary ýörite hünärli işgärler bilen üpjün etmek ugrunda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatyndaky, Aşgabat şäherindäki başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň binýadynda 2-3 aýlyk okuwlary guramak göz öňünde tutulýar. Bilim ministrligi we Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde gysga möhletli ýörite okuwlaryň meýilnamasyny işläp düzmek, bu kärhanalara zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri — tehnologlary, inženerleri we beýleki hünärmenleri seçip almak üçin degişli ýokary okuw mekdepleri bilen işler alnyp barylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, Diýarymyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginler bilen ösmegi netijesinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanýandygyny belledi. Dokma senagaty ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudagynyň okgunly ösüşiniň aýdyň mysalyna öwrüldi. Bu pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Bu ulgamda görülýän netijeli çäreler ýaş hünärmenleri çekmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz dokma pudagy üçin degişli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere okuw edaralaryny şu maksatlar üçin netijeli ulanmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň