Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Türkmenistanda halkara çäreleriň uly toplumy meýilleşdirilýär

23:5512.03.2021
0
3913

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda dürli derejedäki çäreleriň 68-si guraldy. Bu barada şu günki Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň wise-başlygy wezipesini ýerine ýetirýändigi bellenildi. Mundan başga-da şu ýylda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

YHG-nyň 4-nji martda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny beýan edip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy wezipeleri kesgitledi. Milletiň Lideri ulag we kommunikasiýalar, energetika, senagat, ykdysadyýet we söwda, sanly tehnologiýalar ýaly, ileri tutulýan ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Şol teklipler bolsa YHG-niň çäklerinde amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalarda we taslamalarda beýan ediler. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky, XV Sammitini 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

Şu ýyl ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherinde ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy, halkara howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi gazanmak üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýokarda agzalan möhüm wakalaryň ählisine taýýarlyk görmek boýunça degişli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýylyň dowamynda döwlet Baştutanynyň milli, sebit we ählumumy bähbitlere laýyk gelýän halkara başlangyçlaryny, tekliplerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň