Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň onlaýn mejlisine gatnaşdy

23:5212.03.2021
0
1973
Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň onlaýn mejlisine gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn daşary syýasat ugruny amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň gün tertibi häzirki tapgyrda hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýär. Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri wajyp orun eýeleýär.

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, çökgünlik ýagdaýlaryny peseltmek boýunça netijeli çäreleriň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna hem-de durmuşa geçirilmegine, bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň çalt, netijeli herekete getirilmegine aýratyn üns berilýär.

Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäkleriniň sanitar goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça bilelikdäki hereketleriň orta möhletleýin meýilnamasynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýerasty baýlyklaryny 2021 — 2025-nji ýyllarda gözlemek, peýdalanmak hem-de goramak boýunça bilelikdäki işleriň meýilnamasy kabul edildi. Bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi çylşyrymly geologiýa wezipeleriniň oňyn çözülmegine, tebigy baýlyklary, mineral-çig mal binýadyny netijeli peýdalanmak ulgamynda umumy maglumat-hukuk giňişligini kemala getirmäge ýardam berer.

Kosmos boýunça döwletara geňeş tarapyndan duşuşyga gatnaşyjylaryň garamagyna GLONASS ulgamynyň habarlaryny peýdalanýan ýerüsti düzümleri utgaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky mesele hem hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, bu ugur boýunça takyklygy ýokarlandyrmagyň nawigasiýa hyzmatlar ulgamyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 89-njy mejlisine gatnaşyjylar gün tertibine girizilen 12 resminamany makulladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň