Türkmenistanda Milli bahar baýramyna taýýarlyk görülýär

23:5112.03.2021
0
6545

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onuň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler guralyp, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary, Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde häzirki döwürde ýeten derejesi öz beýanyny tapar. Baýramçylyk mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, oba hojalyk önümleriniň we dokma pudagynyň harytlarynyň sergilerini guramak meýilleşdirilýär. Mukamlar köşgünde Milli bahar baýramynyň hormatyna “Parahatlyk bahary” ady bilen baýramçylyk konserti geçiriler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramynyň medeniýeti, sungaty we ýagşy dessurlary giňden wagyz etmekde halkara ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň häzirki döwürde halklaryň arasyndaky agzybirligi pugtalandyrýandygyny aýtdy. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Halkara Nowruz baýramy dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrýar.

Ähli baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň