Türkmenistan «Sanly çözgüt ― 2021» bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär

23:4912.03.2021
0
10639

Türkmenistanda innowasion taslamalaryň «Sanly çözgüt ― 2021» atly nobatdaky bäsleşigi geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde habar berdi.

Geçen ýyl ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, goşmaça bilimi höweslendirmek üçin zerur şertleri döretmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, ýurdumyzda «Sanly çözgüt — 2020» atly bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenler gatnaşdylar. Bäsleşikde 100-den gowrak taslama görkezildi. Häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli, ýeňiji bolan taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejedäki baýramçylyk çäreleri meýilleşdirildi. Şeýle hem milli Liderimiziň degişli Karary bilen 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek, täze programma üpjünçiligini taýýarlamak, ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça «Sanly çözgüt — 2021» atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň jemi “Türkmentel — 2021” atly halkara serginiň çäklerinde jemlener.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Munuň özi pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmakda ähmiýetlidir. Häzir ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredilýär. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň tagallasy netijesinde sanly bilimiň ulgamlaýyn üpjünçiliginiň programmasy ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutany sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak, döwrüň talabyna laýyklykda, olaryň degişli milli we halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti innowasion taslamalaryň “Sanly çözgüt — 2021” atly bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullap, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda şu çäräniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň