Russiýanyň Wladimir oblastynda türkmen medeniýetiniň hepdeligi geçiriler

20:1712.03.2021
0
6339

Wladimir oblast kitaphanasynda 15 ― 19-njy mart aralygynda «Halyçylyk däbi, asyrlaryň eseri» atly türkmen medeniýetiniň tematiki hepdeligi geçiriler.

Hepdeligiň resmi açylyşyna Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň, sebitiň dolandyryşynyň, jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, ýerli ýokary okuw mekdebiň talyplary gatnaşar.

Türkmen medeniýetiniň hepdeliginiň çäginde birnäçe çäreler geçiriler, oblastyň ýaşaýjylary gadymy taryh, Türkmenistanyň gözel ýerleri, medeni däp-dessurlar we beýlekiler bilen tanşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň