Mejlisiň 13-nji martdaky maslahaty wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler

19:2812.03.2021
0
9252

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Hökümetiň şu günki mejlisinde döwlet Baştutanyna milli parlamentiň nobatdaky maslahatynda serediljek meseleler barada maglumat berdi.

13-nji martda wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onda deputatlaryň garamagyna birnäçe täze kanunçylyk taslamalary, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly meseleler hödürlener. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna kanunçylyk-hukuk taýdan goldaw bermek maksady bilen, Mejlisiň kararlarynyň taslamalaryny, milli parlamentiň 2021-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmelere goldaw bermäge, raýatlyk edaralaryň we demokratik gymmatlyklaryň berkidilmegine gönükdirilen kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem milletiň Lideri halkara hyzmatdaşlygy we kanunçykaryjylyk babatda tejribe alşylmagyny, dünýä jemgyýetçiliginiň demokratik, hukuk döwletiň ösüş ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň taryhy tejribesi we häzirki döwürde gazananlary bilen tanyşmagyny üpjün edýän parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň wajypdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň