Hugo Boss ýyly 219 million ýitgi bilen tamamlady

17:0612.03.2021
0
4975

Dizaýnerlik egin-eşiklerini öndürmekde meşhurlyk gazanan “Hugo Boss AG” konserni ýyly 219 million ýewro möçberindäki ýitgi bilen tamamlady. Munuň sebäbiniň pandemiýa we degişli çäklendiriji çäreleriň bolandygyny INTERFAX habarlar gullugy habar berýär.

Serhetleriň ýapylmagy, netijede syýahat çäklendirmeleri, şeýle-de dükanlaryň ýapylmagy esasan hem Germaniýa we Beýik Britaniýa ýaly esasy satuw bazarlarynyň işine öz täsirini ýetirdi.

Ýagdaý 2021-nji ýylda hem şeýleligine dowam edýär, ýöne konserniň ýolbaşçylary golaýda girdejiniň ýokarlanmagyna garaşýar.

“Hugo Boss AG” nemes moda eşiklerini we aksessuarlaryny öndürýän şereket bolup, ol 1923-nji ýylda esaslandyryldy. Şu ýylyň başyndan bäri, şereketiň kapitalizasiýasy 20,2 göterim ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň