Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

16:0912.03.2021
0
9723

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky galan duşuşyklary iýun aýynda merkezleşdirilen görnüşde Koreýa Respublikasynda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda saýlama tapgyrynyň «H» toparçasynda çykyş edýän milli ýygyndymyzyň 3 ― 15-nji iýun aralygynda geçiriljek merkezleşdirilen duşuşyklardaky tertibini paýlaşdy. Oňa laýyklykda, türkmen futbolçylary 3-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň, 11-nji iýunda Liwanyň, 15-nji iýunda KHDR-nyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndy topary toparçada geçiren 5 duşuşygynda toplan 9 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Geçirilmeli duşuşyklaryň tertibi:

03.06.2021 ý.

KHDR – Şri-Lanka

Koreýa Respublikasy – Türkmenistan

07.06.2021 ý.

Günorta Koreýa – KHDR

Liwan – Şri-Lanka

11.06.2021 ý.

Türkmenistan – Liwan

Şri-Lanka – Günorta Koreýa

15.06.2021 ý.

Günorta Koreýa – Liwan

KHDR – Türkmenistan

Ýaryş tertibi, «H» toparça:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

Türkmenistan

5

3

0

2

8-5

9

2.

Koreýa Respublikasy

4

2

2

0

10-0

8

3.

Liwan

5

2

2

1

5-3

8

4.

KHDR

5

2

2

1

4-3

8

5.

Şri-Lanka

5

0

0

5

0-16

0

Bellik: O-oýun, Ý-ýeňiş, D-deňlik, U-utulyş, T-toplar, U-utuk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň