Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan "GDA - 30" onlaýn sergisine gatnaşdy

15:4812.03.2021
0
5238

Türkmenistanyň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guralan iki günlük onlaýn sergä gatnaşdylar. Bu çäre GDA agza döwletleriň ählisini bir onlaýn ulgamda duşuryp biljek täsin wakadyr. Agza döwletleriň işewürleriniň bir topluma jemlenmegi, tanyşmagy we tejribe alyşmagy bu taslamanyň esasy aýratynlygy boldy.

Onlaýn sergi GDA ýurtlarynyň kompaniýalary, harytlary barada maglumatlary öz içine alýan elektron platforma öwrüldi. Ol 2 gün işledi.

Onlaýn sergä Türkmenistandan aşakdaky kärhanalar gatnaşdy:

― Gyýanlydaky polimer zawody;
― Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawot;
―Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy
― Modeller öýi;
― Aşgabat dokma toplumy;
―Türkmenbaşy dokma toplumy;
― Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy;
― «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy;
― «Türkmenhaly» döwlet birleşigi;
― «Türkmenhimiýa» döwlet konserni.

Onlaýn serginiň çäginde käbir taraplar, hususan-da, Döwlet haryt-çig mal biržasy, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi we Türkmenbaşy dokma toplumy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirerldi. Olarda geljekki hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

GDA ýurtlary biri-biri üçin iň uly ykdysady hyzmatdaşlardyr. GDA ― EXPO sergisi bolsa Arkalaşygyň ýurtlarynyň iň ygtybarly we geljegi uly işewür wekillerini birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň