“Apple Watch” akylly sagadynyň kömegi bilen bir adamy buzly suwdan halas etmek başartdy

13:0012.03.2021
0
4991

Amerikanyň Nýu-Gempşir ştatynda Apple Watch akylly sagadynyň kömegi bilen opurylan buzyň aşagyna düşen adamy halas etmek başartdy diýip, WMUR habar gullugyna salgylanyp, thg.ru habar berýär.

Ýerli tehnikumyň mugallymy William Rojers ýekşenbe güni Salmon-Fols derýasynda buzda typyp ýör-kä bir betbagtçylyga uçrady: buz çat açdy we ol buzly suwa ýykyldy. Rojers sowuk suwda 10 minutdan köp saklanyp bilmejekdigine düşündi we akylly sagadyny ulandy. Oýlap tapyjylaryň wada berşi ýaly, sagadyň suw syzdyrmaýandygyna göz ýetirip, ol halas ediş gullugyny kömege çagyrdy. Halas ediş gullugy 5 minutdan betbagtçylyk bolan ýere geldi we Rojersi buz ýesirliginden alyp çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň