Daşoguz welaýat häkimligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji maýyna çenli aralykda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň iki aýlygy yglan edildi. Onuň çäklerinde bellenilen çäreler welaýatyň ähli ýerlerinde giň gerim aldy.
«Daşoguz habarlary» gazetinde ýazylyşy ýaly, demirgazyk sebitiň şäherlerinde, etrap merkezlerinde, obalarynda ildeşlerimiziň müňlerçesi arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine agzybirlik bilen gatnaşyp, haýyrly işiň görelde alarlyk nusgasyny görkezýärler.
Geçen şenbe güni welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher Arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň işçi-hünärmenleriniň 300-e golaýynyň köpçülikleýin ýowara çykyp, bu babatda amala aşyran çäreleri-de muňa mysal bolup biler. Olar welaýat merkezi Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda agaçlary timarlamak, olaryň düýplerini ýumşatmak, töwereklerini arassalamak ýaly işleri ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Şunlukda, bu ýerdäki dürli görnüşli agaçlaryň, meýdançalaryň bezegi has-da artdy.
Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidentinniň ýurtda şu ýyl 30 million düýp bag nahallaryny ekmek barada kabul eden Kararyna laýyklykda alnyp barylýar. 20-nji martda geçiriljek bag ekilişik çäresine Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary hem işjeň gatnaşar.