Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň WGTRK teleýaýlymy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy bilen bagly dabaralary tomaşaçylaryna ýetirer

16:0711.03.2021
0
11551

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň (WGTRK) baş direktorynyň birinji orunbasary Anton Zlatopolskiý bilen onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça maglumatlary alyşmak hem-de özara hyzmatdaşlyk babatynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy WGTRK-ny ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde möhüm wezipäni ýerine ýetirýän, köpmillionly tomaşaçylary bolan iri teleýaýlymlar kompaniýalarynyň biri hasaplaýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni durmuşyndaky şanly wakalary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny, Aziada — 2017-ni, Hazar ykdysady forumyny, GDA-nyň sammitini we beýleki iri möçberli çäreleri beýan etmek boýunça bilelikdäki işiň uly tejribesi toplanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler hem-de kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasynyň” arasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýaly kärdeşler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak hem-de olary beýan etmek üçin ýurdumyza çagyryldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de WGTRK federal döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Bu Ähtnama gol çekilmegi üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ýolundaky möhüm ädim bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň