Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri GAR-yň halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

23:3210.03.2021
0
3949

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Günorta Afrika Respublikasynyň halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini belläp geçmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary diplomatiki gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakyn wagtda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleriň guralmagy we geçirilmegi babatynda, şonuň ýaly-da iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky ilçileriniň we hemişelik wekilleriniň derejesindäki özara hereketlerini ýygjamlaşdyrmak boýunça ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler çakylyklary alyşmak arkaly, özara saparlary guramak babatynda ylalaşyk gazandylar, saparlaryň barşynda ikitaraplaýyn resminamalar taýýarlanylar hem-de olara gol çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň