Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky ýokary okuw mekdebinde žurnalistika hepdeligi geçirildi

11:5410.03.2021
0
9965

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde žurnalistika hepdeligi geçirildi ― diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Hepdeligiň dowamynda dürli hünärlerde okaýan talyplary žurnalistika boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem žurnalistikanyň endikleri boýunça başarnyklary ösdürmek, talyplaryň gyzyklanmasyny we höwesini artdyrmak maksady bilen birnäçe çäreler guraldy.

Hepdelikde döredijilik duşuşyklary we makala, şygyr ýazmak, Aşgabadyň görnüşlerinden fotosurat bäsleşikleri geçirildi.

Ýakynda açylan «Acta Diurna» atly talyplaryň žurnalistika klubynyň goldawy bilen, Internet žurnalistikasyna we žurnalistikanyň taryhyna degişli onlaýn bilim oýunlary hem guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň