Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşdy

18:4609.03.2021
0
5988

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejebow ýurduň premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Ministr B.Rejebowy Gazagystanda diplomatik işiniň başlamagy bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärçilikli işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Tleuberdi şeýle hem Gazagystanyň Türkmenistanyň Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak baradaky maslahatynda synçy bolmak kararyny goldaýandygyny aýtdy. Bu gurama Gazagystan hem ýolbaşçylyk edipdi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, bilelikdäki çäreleriň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitleýin we halkara guramalaryň çäginde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmegiň ýollary barada hem pikir alyşyldy.

Batyr Rejebowyň öz diplomatik işine 25-nji fewralda girişendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň