Arhiw

Berdimuhamedow Mewlüt Çawuşoglyny kabul etdi

22:2206.03.2021
0
6445

Türkmenistanda iş saparynda bolýan Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyny şu gün – 6-njy martda türkmen Lideri kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şeýle-de milli Lider we myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda däp bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ugurlary döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine berýän goldawy üçin hormatly Prezidente tüýs ýürkden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle-de okaň!

Türkiýäniň daşary işler ministri sapar bilen Türkmenistana geler 

Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistana geldi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň