Soňky habarlar

Arhiw

Kamboja Patyşalygynda «COVID-19» epidemiýasyny togtatmaklyk üçin kanuny binýat döredildi

19:0706.03.2021
0
1024

Kamboja Patyşalygynyň parlamenti «COVID-19» epidemiýasyny togtatmaklyk  baradaky kanuny tassyklady. Bu kanuna laýyklykda ýurduň raýatlary koronowirus keseline garşy göreş düzgünlerini bilkastlaýyn bozandygy üçin 20 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilner.

Täze kanun karantin düzgünini bozanlary üç ýyl, «COVID-19» ýokanç keselini bilkastlaýyn ýaýradýan islendik topara gatnaşanlary bolsa 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmekligi göz öňünde tutýar.

Kamboja Patyşalygynyň parlamentinde «COVID-19» epidemiýasyny togtatmaklyk  baradaky kanun taslamasy biragyzdan kabul edildi.

Kamboja Patyşalygynyň Saglyk ministri Mam Bunheng bu kanuny Hökümetiň ilatyň janyny we saglygyny goramak babatyndaky berk kanuny esasy diýip atlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň