Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy

23:5505.03.2021
0
6881

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany ýakynda ykdysadyýetiň pudaklarynda emele gelen ähli meselelere düýpli seredilendigini, olary çözmek üçin zerur çäreleriň bellenilendigini, ýöne bellenen şol çäreleriň köpüsiniň heniz amala aşyrylyp başlanmandygyny aýtdy.

Eýýäm ýylyň iki aýy geçdi. Heniz bu ugurda bölünip berlen serişdeler özleşdirilmeýär. Sanly ulgama geçmek, desgalary hususylaşdyrmak we kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek hem-de gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak işleri haýal alnyp barylýar diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem döwlet edaralarynyň sanly ulgama goşulmagyny, dürli döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Mundan başga-da, dünýä ykdysadyýetindäki we goňşy ýurtlardaky ýagdaýy seljerip durmak wajypdyr. Şundan ugur alyp, şu ýyldaky görkezijilere düzediş girizmek hem-de garaşylýan çaklamalary taýýarlamak möhümdir. Umuman, dünýä ykdysadyýetinden ugur alyp, indiki hepdede ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklaryndaky ýagdaýlar ýene-de bir gezek seljeriler diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň